Telekeçi Şöhrat Saýypowyň maldarçylyk hojalygynda günde 550 litre çenli süýt sagylyp alynýar. Netijede ol ilaty ýurtda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýar.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çäginde ýerleşýän hojalykda Germaniýadan getirilen «Galşteýn» tohumly sygyrlaryň ýüzlerçesi idedilýär. Sygyrlaryň bu tohumy süýdi has köp berýänligi bilen tapawutlanýarlar. Hojalykda 15-e golaý hünärmen zähmet çekýär.

Mallaryň ot-iým goruny üpjün etmek üçin hojalyga Garagum çölünden adybir derýanyň ýakynyndan 265 gektar ýer bölegini bölüp berdiler. Telekeçi gerekli mukdardaky otlary ýetişdirýär. Sagymly sygyrlar bankdan alnan ýeňillikli karzlaryň hasabyna gurlan fermada idedilýär. Galanlary Garagumda bölüniň berlen ýeriň töwereginde bakylýar. Telekeçi fermanyň gapdalyndan süýt önümlerini öndürýän kärhanany hem gurmagy meýilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: