Gün ýelkeni älem giňişligine çykdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň NASA agentliginiň şu ýylyň aprelinde uçuran synag enjamy orbita çykdy. Aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek boýunça amerikan müdirligi onda oturdylan Gün ýelken ulgamy synagdan üstünlikli geçenden soň, ACS3 synag enjamynyň doly işe girişendigini habar berdi. Onuň ortasynda ýerleşdirilen dört kamera ýelkeniň we ony saklap duran diregleriň panorama suratyny aldy.
Kameranyň düşürýän ýokary hilli suratlary 4-nji sentýabrdan bäri hemmeler üçin elýeterlidir. NASA-da ACS3 enjamynyň ýokary galdyrylmagy we düşürilmegi geljekde ylmy barlaglar üçin gerekli gymmatly maglumatlary toplamaga ýardam eder. Bu enjam Halkara älem stansiýasyndan iki esse ýokarda Ýeriň daşyndan aýlanýar. Onuň üstündäki Gün ýelkeni 80 inedördül metre, ýagny, tennis meýdançasynyň ýarysyna barabardyr. NASA-nyň wekiliniň aýtmagyna görä, wagtyny bilip, ýokary seretseň, ýelkeni indi Ýerden hem görüp bolýar.