SYÝASAT

Gün tertibinde — bank pudagynyň durnukly ösüşiniň meseleleri

BMG-niň we Türkmenistanyň bilelikdäki bilermenler toparynyň durnukly ösüş ýörelgeleriniň bank pudagyna girizilişini öwrenmek boýunça üçünji mejlisi geçirildi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Toparyň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Merkezi bankyň we Daşary ykdysady gatnaşyklar bankynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň topary girdi.

Toparyň agzalary halkara tejribäni öwrendiler we bank pudagynda durnuklylyk ýörelgelerini öňe sürmegiň täze ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: