LUKMANÇYLYK

Gün şöhlesinden peýdalanmak bilen bagly maslahatlar berildi

Lebap welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň lukmany welaýat neşirinde şu günler täsiri barha artýan Gün şöhlesinden netijeli peýdalanmak bilen bagly maslahatlaryny berdi.
Makalada ýazylyşy ýaly, Gün şöhlesinden dogry peýdalanylsa, onuň saglyga täsiri uludyr. Sebäbi Gün şöhlesiniň täsiri arkaly bedende ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar döreýär. Onda ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardam edýän D ýokumy bar.
Bu tebigy bejergiden peýdalanmak üçin her gün irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň açyk howada gezelenç etmek ýeterlikdir. Şeýle ýagdaýda Gün şöhlesi bedenimiziň goraglylygyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Günüň ultramelewşe şöhlesi çaganyň dogry ösmegine, degna ulgamynyň we süňkleriniň berkemegine täsir edýär, ulularda bolsa osteoporoz
keseliniň döremeginiň öňüni alýar, şeýle-de bedeniň immun ulgamyny kadalaşdyrýar.
«Günüň aşa gyzan halatynda bolsa onuň infragyzyl şöhlesi bedene ýaramaz täsir edip, Gün urmasyna, bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna, endamyň açyk ýerleriniň şikeslenmegine, deride ýokanç däl keselleriň döremegine, deriniň ir garramagyna, allergiýa döremegine, gözüň zeperlenmegine, ýürek-damar keselli näsaglaryň ýagdaýynyň agyrlaşmagyna getirip biler. Şol sebäpli
açyk howada işleýän ildeşlerimiz kellelerini ýaglyk, başgaplary bilen örtmeli, açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeli, ýeňleri uzyn bolmaly. Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmaly, şeýle-de saýawan ulanmaly. Günüň dowamynda gaýnadylyp sowadylan suwlary içmegi maslahat berýäris» diýip makalada aýdylýar.