Gün şöhlesi
Aslynda, atmosfera, ýagny howa gurşawy reňksizdir, emma howanyň bulutsyz, açyk günlerinde asman göz reňkde bolýar. Munuň sebäbi Gün şöhlesi atmosfera aralaşan ýagdaýynda gaz molekulalary bilen çaknyşýar. Göz reňk bolsa, gyzyl we beýleki reňklere garanyňda, aňsat dagap, has köp çäge ýaýraýar, netijede hem asman göz reňke bürenýär.
Gün şöhlesi dürli tolkunly reňkli şöhlelerden ybaratdyr. Iň kiçi tolkunly gök reňk hem atmosferanyň ýokarky gatlagyndaky gaz we kiçi bölejikler sebäpli howa gurşawyna derrew ýaýraýar. Howanyň bulutly we tozanly-tüsseli bolan wagtynda reňkleriň ählisi diýen ýaly atmosferada deň ýaýraýar we asman çal reňkde beslenýär.
Taýýarlan Döwlet Begenjow,
Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.