Lebap welaýat gümrükhanasyna degişli «Gümrükçi» topary Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynda öňdäki orunlar ugrundaky göreşini dowam etdirýär. «A» toparçada çykyş edýän topar şu wagta çenli geçiren 4 duşuşygyndan 2-sinde ýeňiş gazanyp, 6 utuk toplady.
«Gümrükçi» topary birinji tapgyrda «Senagatbank» toparyny 7:6 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli girişdi. Ikinji tapgyrda bolsa «Farap» toparyndan 11:6 hasabynda üstün çykdy. Üçünji tapgyrda «Köpetdag» toparyna 3:9 hasabynda utulan «Gümrükçi» deslapky tapgyryň ikinji aýlawynyň ilkinji duşuşygynda «Senagatbank» bilen güýç synanyşdy. Çekeleşikli geçen bu oýunda «Senagatbank» 8:6 hasabynda ýeňiş gazandy.
Geçirilen duşuşyklardan soň «A» toparçada 12 utuk toplan «Köpetdag» öňdeligi eýeleýär. «Senagatbank» bilen «Gümrükçi» toparlary 6 utukdan toplap, degişlilikde ikinji we üçünji orunlarda barýarlar. «Gümrükçi» toparynyň gol görkezijisi 28:30-a deň bolup, topar final tapgyryna çykmak ugrunda göreşini dowam etdirýär.
Işanberdi ÇARYMYRADOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.

