TÜRKMENISTAN HABARLARY

Gümrük gullugynyň sebitleýin okuw merkezi ilkinji halkara çäresini geçirdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde bikanun deňiz söwdasyna degişli meseleleriň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi boýunça okuw çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Owganystan, Merkezi Aziýa, Eýran we Pakistan boýunça Sebitleýin merkezi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Okuw çäresine Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk, Içeri işler we Goranmak ministrlikleriniň, Döwlet gümrük we serhet gulluklarynyň we Baş prokuraturasynyň wekilleri hem-de Gazagystan Respublikasynyň degişli wekiliýeti gatnaşdy.
Bu çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň sebitleýin derejesine eýe bolandan soň ilkinji halkara çäredir.