Gümrük gullugy döwletiň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde, harytlaryň serhetden kanuny esasda geçirilmegine gözegçilik etmekde möhüm orny eýeleýär. Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary hem özlerine ynanylan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde kanunylygyň, tertibiň we ýokary hünär taýýarlygynyň talaplaryndan ugur alýarlar. Bu ugurda esasy maksat gümrük düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmakdan, raýatlara we ýük daşaýjylara kanunyň çäginde hyzmat etmekden ybaratdyr.
Häzirki döwürde halkara söwda gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen gümrük edaralarynyň işi has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Serhetden geçirilýän harytlaryň resmileşdirilişi, degişli resminamalaryň barlanylyşy, gadagan edilen önümleriň öňüniň alynmagy, şeýle-de kanuny dolanyşygyň üpjün edilmegi gümrük gullugynyň gündelik işiniň esasy ugurlarydyr. Bu işler diňe tehniki gözegçilik däl, eýsem jemgyýetiň bähbidini, ykdysady tertibi we howpsuzlygy goramak bilen berk baglanyşyklydyr.
Gümrük gullukçysynyň borjy diňe gulluk nokadynda durmak bilen çäklenmeýär. Ol öz işinde seresaplylygy, sowatlylygy, jogapkärçiligi we ynsaplylygy utgaşdyrmalydyr. Kanunyň talaplaryna pugta eýermek, raýatlar bilen medeniýetli aragatnaşyk saklamak, gulluk düzgün-nyzamyny berjaý etmek harby gullukçynyň abraýyny kesgitleýän esasy ölçeglerdir. Şu ýörelgeler gümrük gullugynyň jemgyýetdäki ynamyny pugtalandyrýar.
Meýlis Şyhmyradow,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

