Türkmen halkynyň her bir güni toýdyr baýramlara, şanly senelere beslenýär. Ynha bugun hem her bir türkmeniň kalbynda, aňynda, ruhunda baýramçylyk joşguny, şatlygy möwç urýar. Täze ýylyň gelmegi bilen , ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bu şadyýan baýramçylygyň şanyna geçirilýän dabaralaryň sany barha artýar. Täze ýylyň bosagasynda indi ýyllardyr däp bolup gelişi ýaly ähli ýerlerde Täze ýyl arçalary bezelýär. Lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabat şäherimizde, Türkmeniň Ak öýi binasynyň öňünde Baş arçamyz öz yşyklaryny ýakdy.
Şäher köçelerindäki arçalar edil jadyly köşkleri ýadyňa salyp lowurdaýar. Açyk sahna meýdançasy ertekiler köşgüne öwrülen mysaly.Täze ýyl lybasyna beslenen ajaýyp şäherimizde baýramçylygyň öň ýanynda Täze ýyl medeni-dynç alyş maksatly dabaraly çäreler geçirilýär. Biz hem mekdebimiziň mugallymlarydyr talyp ýaşlary bilen bilelikde medenýet we sungat işgärleriniň, ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň, wäşileriniň taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdik.
Asly halal türkmen halkynyň mundan beýläk-de görjegi diňe gowulyk, toý-baýram bolsun! Türkmen halkyny mundan-da röwşen ertirlere ynamly alyp barýan,özüniň beýik işleri, parasatly başlangyçlary, döwlet tutumlary bilen ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä doldurýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak ýurdy abat bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
JUMABAÝEWA Hurşida,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby