BIZE YAZYARLAR

Güller – tebigatyň genji-hazynasy

Halkymyzda «Güller — göwün şatlygy» diýen ajaýyp jümle bar. Tebigatyň iň näzik we owadan peşgeşi bolan güller ynsan kalbyna hemişe ýakymly duýgulary, ruhy rahatlygy bagyşlaýar. Ýakynda mekdebimizde geçirilen «Güller — Ýer ýüzüniň görki» atly açyk sapak hem hut şu gözellikleriň ylmyny we waspyny bir ýere jemledi.
Çäräniň ähmiýetli taraplarynyň biri hem, ýurdumyzda ekologiýa medeniýetine berilýän uly üns bilen baglanyşykly boldy. Çykyşlar bilen başlanan sapakda ýurdumyzyň «ýaşyl guşagynyň» giňeýişi, her ýyl ekilýän millionlarça bag nahallary we sahy sähramyzyň gülüstana öwrülmegi barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle-de, «Tebigaty goramak — Watany goramakdyr» diýen ýörelge esasynda, ekologiýa arassalygyny saklamak we geljekki nesillere gök öwüsýän dünýäni miras galdyrmak baradaky tagallalar açyk sapagyň esasy mazmunyna öwrüldi.


Sapagyň dowamynda birnäçe tejribelere daýanylyp, okuwçylara gülleriň biologik aýratynlyklary we olaryň tebigatdaky ähmiýeti barada ylmy maglumatlar berildi. Okuwçylar tebigatymyzyň gülüstanlygyny, bahar paslynyň gözelligini wasp edýän goşgulary joşgun bilen okadylar. Bagülleriň we dürli reňkli owadan gülleriň keşbine giren okuwçylaryň taýýarlan sahna çykyşy bolsa, dabaranyň bezegine öwrülip, sapaga gatnşanlarda uly täsir galdyrdy. Ýeri gelende belläp geçsek, göreldeli sapak mugallymlaryň hem birek-birek bilen tejribe alyşmaklaryna hem uly mümkinçilik döretdi.
Açyk sapagyň ahyrynda mugallymlar we okuwçylar ýurdumyzyň tebigatyny goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge we ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagyna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Güllere beslenen bu çäre diňe bir bilim däl, eýsem, ýaşlaryň kalbynda tebigata bolan söýgini we ekologiýa jogapkärçiligini has-da berkiden ýatdan çykmajak pursat boldy.

Zeberjet HAZRATOWA,
Farap etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy.