BIZE YAZYARLAR

Güller ­– gözelligiň çeşmesi

Kimdir birinden doglan güni, ýa-da baýramçylyklar mynasybetli gül çemenlerini sowgat almak islendik adam üçin hem ýakymlydyr. Adamlar güle gözelligiň çeşmesi, köňülleri şatlandyrmagyň esasy serişdesi, birek-birege hormat goýmagyň nyşany hökmünde uly ähmiýet berýärler.

Rowaýatda aýdylyşyna görä, aždarha adamlara, ýere ýylylyk, ýagtylyk paýlaýan Güni ogurlmak üçin al-asmana galypdyr. Ýöne Güne penjesini urandan, ýiti gyzgyn ony ýakyp-ýandyryp başlapdyr. Gahary gelen aždarha Güni depgiläp başlapdyr. Şonda Gün nury seçilip, ýagty şöhleler ýere gaçypdyr we güle öwrülipdir.

Gündogar ýurtlarynyň köpüsinde ir döwürlerden bäri gülüň hormatyna bellenilip geçilýän baýramçylyklar biziň günlerimizde hem ýörgünlidir. Öňki döwürlerde şol gün hökümdaryň köşgünde gülden taýýarlanylan şireler içilip, gül ekilen ýerlere seýil edilipdir. Dabaranyň dowamynda güle bagyşlanan goşgudyr aýdymlar aýdylyp, sazlar çalnypdyr.

Adamlar şol gün ýolnan gülüň jadyly güýjüne ynanypdyrlar. Gülleriň dürli görnüşleriniň sazlaşygy, reňkleriň öwüşgini, boglan owadan çemeler göreni haýrana goýupdyr. Hemmeler özlerini boýdan-başa gül bilen bezäpdirler. Çagalar güllerden her hili şekilleri ýasapdyrlar. Baýramçylyk bellenýän wagty adamlar gül ýapragyndan taýýarlanan içigini owurtlap, biri-birlerine ýagşy arzuw-dilegler edipdirler.

Ösümlikler dünýäsiniň wekili bolan gözel görnüşli güller geň-enaýy görki, daş-töwerege bark urýan hoşboý ysy bilen ähli döwürlerde-de adamlaryň şähdini açypdyr.

Gadymy Gündogar ýurtlarynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde mermer hem-de küýzegärçilik önümlerinde , binalaryň diwarlarynda, gap-gaçlaryň ýüzünde hatda teňňelerde gülleriň suraty çekilen taryhy gymmatlyklar tapylypdyr.

Şahyrlaryň şygyrlarynda gyzlaryň görgüniň güle deňelmegi hem ata-babalarymyz tebigatyň döreden ajaýyp gözelligine uly ähmiýet berendigine güwä geçýär.

Enegyz Öwezowa,

Döwletmämmmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: