JEMGYÝET

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy

Dänew etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň guramagynda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Täze ýylyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynyň ýaş zehinlileriniň hem birnäçesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gowşurylýan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýeleri boldular. Dänew etrap medeniýet öýünde ýeňijilere, ýagny Darganata etrap çagalar sungat mekdebiniň «Bagşylar» toparyna, Lebap welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň III mekdep bölüminiň 3-nji synp okuwçysy Bagtyýar Begmyradowa, Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Jennet Atajanowa, Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýperi Kurbanowa, Farap etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Samir Yhtiýarowa, Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Mergen Hudaýnazarowa, Hojambaz etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýgül Jigaýewa degişli şahadatnamalar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaranyň yzy Dänew etrap çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: