Gresiýaly ýaşuly 80 ýaşda mekdep okuwçysy boldy
Gresiýadan 80 ýaşly Wasilis Panaýotaropulos Afinada agşamky mekdebe girdi.
Pensioner tas 70 ýyl mundan ozal taşlanan okuwyny gutarmak kararyna geldi
diýip, The Guardian ýazýar.
“Men ekin meýdanynda kakama kömek etmek üçin [mekdepden] 12 ýaşymda
gitdim, ýöne ýüregimde hemişe yzyma dolanmak isleýärdim. Bu isleg meni hiç wagt terk etmedi” – diýip, ol Peloponnesdäki obada geçiren çagalygyny ýatlaýar.
Panaýotaropulos hususy tawernasynyň eýesi bolýança köp ýyllap ofisiant bolup
işledi. 80 ýaşyna ýetende okuwyny gutarmak kararyna geldi we bu barada
aýalyna aýtdy. Indi ol 15 ýaşly ýetginjekler bilen bir synpda okaýar. Müdir
Ewangeliýa Paterakiniň aýtmagyna görä, ol synpda iň yhlasly okuwçy.