YKDYSADYÝET

Gözleg-gazuw işleri geçirilýär

 Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary bolan  “gara altyny” we “mawy ýangyjy” gözlemekde

 “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň işgärleri möhüm işleri alyp barýarlar.

 Olar şu ýylyň geçen aýynda guýularyň 10-synda, ýagny, Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Batgalyýer, Uzynada, Goturdepe-1907, Goturdepe-242, Garadaşly, Çukurguýy, Akpatlawuk we Lebap welaýatynyň  çägindäki Çalgerişbaba, Gazlydepe we Malaý ýaly guýularda gözleg-gazuw işlerini geçirdiler.

   Degişli döwürde meýilnama boýunça 7 müň 103 metr çuňluk gazylyp, 92 million 731 müň manatlyk iş edildi. Häzirki wagtda gözleg-gazuw işleri bilen bir hatarda käbir guýularda düýpli abatlaýyş işleri guramaçylykly dowam etdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: