Saýat etrabynyň Sakar şäherçesiniň çagalar sungat mekdebinde ýylyň ady bilen baglanşykly “Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” atly sergi gurnaldy.
Lebabyň sungatda at gazanan işgäri ýokary derejeli halypa mugallym Myrat Baltaýew öz talyplary Kuwatgeldiýewa Jennet hemde Rejepowa Aýna bilen halypa we şägirt sergide çekilen suratlaryň 24sanysyny sergiledi. Ilki bilen 2 sany ahalteke bedewiniň reňkde we galamda çekilen suratlary öz owadanlygy bilen täsirligi bilen sergini baýlaşdyrýar.
Bu sergide Lebabyň Amyderýa boýlarynyň güýzdäki ajaýyp görnüşleri. Reňk owüşgünleri kompazisiýa täsirligi bilen mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy. Amyderýa boýlarynyň tebigatda günüň doguşy, günüň batýan wagty, mylaýym howasy öz boluşly milli reňklere ýowrylan ajaýyp pursatlar sergini görenleri tolgundyrýar. Esasan sergide Nakgaşçylyk bölüminiň II-ýyl talyby Kuwatgeldiýewa Jennediň çekýän suratlary Güýzüň ýyly reňkleri bilen Milli täsirligi bilen hemde kompozisiýa çözgitleri bilen mekdebiň okuwçylarynda uly täsir galdyrdy hemde şol kursuň talyby Rejepowa Aýnanyň ýerine ýetiren işleri şäher gözelliklerinde Amyderýanyň tebigatynda sowuk reňkleriň agdyklyk etmegi bilen owadan reňk çözgütleri ýazyp bilipdir.
Sergini umumy bir söz bilen aýtsak görnüşlerde dürli reňkler çözgütler milli duýgular Garaşsyzlyk ýylarnyň ösüşleri Türkmen halkynyň parahat, asuda erkana, bagtyýar durmuşy suratlandyrylýar. Sergi görenlerde uly täsir galdyrýar.
KUWATGELDIÝEWA Jennet,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň Nakgaşçylyk bölüminiň II-ýyl talyby.



