JEMGYÝET

Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!

Haýwanat we ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýan Köýtendag tebigaty öwrenijileriň, alymlaryň we syýahatçylaryň esasy üns merkezinde durýar. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli bu ýerde Türkmenistanyň «Ekologiýa hereketi» jemgyýetçilik guramasynyň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň hem-de welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!» ady bilen geçirilen usuly-amaly maslahat hem gözel tebigatymyzy, daşky gurşawy goramak, ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly bolup, täsirliligi we özüne çekijiligi bilen tapawutlandy.
Usuly-amaly maslahatyň dowamynda tomus aýlarynda tebigatda döremek ähtimallygy bolan ýangyn howpunyň öňüni almak, bu babatda ilatyň arasynda, gezelenje gelýän raýatlar bilen wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, daş-töweregimizi arassa saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýaş nesilde tebigata bolan söýgini döretmek ýaly meselelere giňişleýin seredilip geçildi. Şeýle-de Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, olary gorap saklamak, goraghananyň çägindäki tebigy ýadygärlikler barada gürrüň edildi.
Dinozawrlaryň aýak yzlarynyň saklanyp galan belent tekizlige, Daraýydere, Umbardere, Kyrkyz jülgelerine guralan gezelençler bilen utgaşykly geçirilen usuly-amaly maslahat ýatda galyjy pursatlara baý boldy.