BIZE YAZYARLAR

Göz maşklary

Häzirki döwrümize tehnikanyň iň ösen döwri diýsek hem ýalňyşmaýarys. Durmuşymyzda köp zat diýen ýaly tehnika bagly bolup, olar işimizi ep-esli ýeňilleşdirýär. Ýöne olaryň käbiri bilen uzak işleşilende käbir beden agzalarymyza zyýan ýetirmegi hem mümkindir. Mysal üçin komýuterleri alyp göreliň. Kompýuter işde-de, öýde-de gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip gitdi. Kompýuterde işlemek işlerimiziň agramly bölegini ýeňilleşdirýän hem bolsa, islesek-islemesek, ondan serpikýän şöhläniň gözümize täsiri bardyr. Biziň esasy aýtjak bolýan zadymyz, kompýuterde, ýa ýene-de şuňa meňzeş tehnikalar bilen köpişleşilende göz maşklarynyň geçirilmegi maslahat berilýär. ― gözleriňiz bilen sagat diliniň ugruny yzarlamaly. Bu maşky 10 gezek ýerine ýetirensoň, gözi sagat diliniň ters ugruna aýlamaly;
― gözüň bäbenegini ýokary-aşak wertikal ýagdaýda hereketlendirmeli. Maşky 6-7 gezek gaýtalap, soň bäbenegi saga-çepe hereket etdirmeli;
― günüň belli bir böleginde kompýuterde işleýänler her gün iki gezek, üznüksiz işleýänler bolsa her sagatda bir gezek çalt-çaltdan 100 gezege çenli gözlerini gyrpmaly;
― işleýän otagyňyzyň penjiresiniň öňüne geçip, uzakdaky haýsydyr bir nokada ünsli seredip durmaly. Bu ýagdaý birnäçe sekunt dowam edensoň, birden burnuňyzyň ujuna seretmeli;
― kelläňizi arkan agdaryp, uludan dem almaly, bu maşky hem 6-7 gezek gaýtalamaly;
― gözler bilen süýem barmagyň ujuna garamaly we barmagy gitdigiçe ýakynlaşdyryp, burnuňa degirmeli. Maşky 4 gezek gaýtalamak maslahat berilýär.
― gözleriňizi bar güýjüňiz bilen 30 sekunt çemesi ýumup durmaly we soňra 5-6 gezek giňden açmaly. Bu maşky hem 4 gezek gaýtalamaly.

Maral TOÝLYÝEWA,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň 1-nji oftolmologiýa bölüminiň lukmany.