BIZE YAZYARLAR

Göwünleri joşdurýan owazlar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir güni buýsandyryjy ösüşlere beslenýän ýurdumyzda aslyny Baba Gammardan, Aşyk Aýdyň Pirden alyp gaýdýan mili aýdym – saz sugatymyzy
ösdürmege uly ähmiýet berilmegi, şeýlede ony has-da kämilleşdirmek bilen bagly wajyp meselelerde kämil, ata-baba ýörelgelerinden ugur alynmagy bellärliklidir.
Gahryman Arkadagymyz “Parahatçylyk sazy, dost, doganlyk sazy” atly kitabynda:”Söz – köňlüň aýnasy, saz – onuň ruhybelentliginiň kepili. Saz we söz sungatynyň gadryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir. Olaryň köňli sahawatlydyr, olar hemişe haýryň tarapyndadyrlar, döwleti işe mübteladyrlar. Şeýle adamlary nazarlarynyň nurlylygyndan aňyp bolýar. Ruhy dünýäsiniň baýlygy ynsanyň daşky keşbini nurlandyrýar. Olar päk ýürekli, maksady aýdyň ynsanlardyr” diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň taýsyz ýokary sepgitlere ýetendigine her bir pursatda şaýat bolýarys.
Ýurdymyzyň medeni taýdan ýokary derejä ýetendigini saz sungatynyň ösişi, her bir günimiziň toýdur baýramlara beslenmegi subut edýär.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem agzybir döredijilikli toparlarynyň biri hem “Fortepiano” bölüminiň zähmet söýer mugallymlary we talyplary, ýylyň dowamynda edilenlen işleriniň netijesini görkezmek maksady bilen “Fortepiano” bölüminiň hasabat
konsertini geçirdiler. Hasabat konsertiň dowamynda “Fortepiano ” bölüminiň halypa mugallymlary Tajihalowa Rano Semenderowna, Haidowa Leýla Şirinbaýewna, Akyýewa Gülşat Rozygulyýewna, Koşelewa Larisa Wladimirowna dagylaryň şägirtleri, özleriniň ýerine
ýetirijilik ussatlygy bilen konsertde türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň klassiki sazlary bilen çykyşlaryny görkezdiler. Başga-da maksada okgunly hyjuwly ýaş hünarmen mugallymlar Arslanowa Aziza, Ilowa Ajap, Kerimkulowa Reýhan dagylaryň talyplary konsertde özleriniň çykyşlaryny tomaşaçylara ýetirdiler. Olar “Fortepiano” bölüminiň 1-nji ýyl talyby Annadurdyýew Mukam konsertiň başynda romatik saz akymynyň görnükli wekili,
fortepiano üçin köp žanrlarda işläp, eserleri ýazan polýak kompozitory Frederik Şopeniň “Wals” Des- dur eserini ýerine ýetirdi.(Mugallym Täjihalowa R.S.) Soňra “Fortepiano” bölüminiň 1-nji ýyl talyby Jumakuliýewa Arzuw rus sazynyň görnükli wekilleriniň biri Pýotr
Çaýkowskiýniň “Ýylyň pasyllary” atly özboluşly saz gündeliginden “Aprel” pýesany ýerine ýetirdi.(Mugallym Koşelewa L.W).
“Fortepiano” bölüminiň 1-nji ýyl talyby Samandarowa Firýuza, Mihail Iordaniskiý Fantaziýa-Şutka eserini ýerine ýetirýär.(Mugallym Akyýewa G.R). “Fortepiano” bölüminiň 2-nji ýyl talyby Çaryýew Mekan ilkinji türkmen kompozitorlaryň biri Aşyr Kulyýewiň “Tans” eserini ýerine ýetirdi.(Mugallym Ilowa A.J). “Fortepiano” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Babaýewa Göwher Meret Annamyradowyň “Tokkata” eserini ýerine ýetirdi.(Mugallym Haidowa L.Ş). “Fortepiano” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Jumanazarowa Nurjemal türkmen halk sazyny ” täzeden işlän Suhan Tüýliýewiň “Bedew” eserini sahnada diňleýjilere ýetirdi.(Mugallym Arslanowa A.). “Fortepiano” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Begmyradowa Arzuw, Aman Agajykowyň “Romans” eserini ýerine ýetirdi. Konsertde dürli stillerde ýerine ýetirilen saz eserleri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady, talyplaryň kompozitorlaryň stil aýratynlyklaryny duýup, sazlaryň ussatlarça ýerine ýetirilmegi konsert dabarasyny bezedi we konserte uly öwüşgin çaýdy.
Konserti soňra mekdebiň Fortepiano” bölüminiň uçurumlary Elmuradowa Nargiza Sergeý Rahmaninowyň “Etýud- surat” eserini we belli awstriýaly klassik kompozitory Lýudwig Wan Bethoweniň “Sonata 10” eserini ýerine ýetirdi. Bu eseri kompozitor Ýozefe fon Brauna
bagyşlap ýazýar, sonata14 nji opusdan bolup munda kontrast häsiýetleri duyup tomaşaçylara ýetirmäni başardy.(Mugallym Täjihalowa R.S). Soňra konserdiň dowamynda “Fortepiano” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Seýidowa Aýnura Nury Halmämmedowyň Mylly Täçmyradowa
bagyşlap ýazan “Dutaryň owazy” atly meşhur eserini ýerine ýetirdi.(Mugallym Ilowa A.J). Konsertde “Fortepiano” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Atamyradowa Nazira, Nury Halmammedowyň belli eserleriniň biri “Ballada” ýerine ýetirdi. (Mugallym Haidowa L.Ş). Bu
owadan klassiki sazlary tomaşaçylarda örän tasir galdyrdy.
Konserdiň dowamynda “Fortepiano” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Azadow Baýram, Sergeý Rahmaninowyň “Prelýudiýa g-moll” eserini, Lýudwig Wan Bethoweniň 18-nji Sonatasynyň punktir ritmini kwintaly intonasiýalaryny duýup ussatlarça çalyp konserte gatnajylara ýetirmäni başardy.(Mugallym Täjihalowa R.S.). Soňra Joakkino Rossininiň “Sewilskiý sirýulnik” operasyndan Figaronyň kawatinosyny “Aýdym aýtmak ” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Gaýypow Ata bilen bilelikde ýerine ýetirdiler.(Mugally, Akyýewa G.R.). Bu ýerine ýetirilen
baýramçylyk häsiýetli aýdym konserte gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Konsertiň soňunda “Fortepiano ”bölüminiň mugallymy Akyýewa Gülşat Rozygulyýewna bilen bilelikde, “üflenip çalynýan saz gurallary” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Berdiýew Ruslanyň sazandarlyk
etmeginde, “Fortepiano” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Azadow Baýram Natalýa Kapitanowanyň 70-80-nji ýyllaryň altyn hazynasyna giren kino sazlaryndan düzülen “ Popurri 2” eserini ussatlarça ýerine ýetirdiler.
Bu ýerine ýetirilen ajaýyp sazlar tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
“Fortepiano” bölüminiň beren hasabat konsertinde ýerine ýetirilen saz eserleri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady, talyplaryň joşgunly çykyşlarynyň, nepis owazlanmasy diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Bu ajaýyp döwrüň galkynan sungatynyň bagtyýar wekilleri bolan ýaşlar täze döredýän we ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynda ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri, döwletimiziň äleme meşhurlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny we eşretli durmuşyny mynasyp wasp
etmegiň ussatlarydyr.
Gadymdan gelýän milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy aýap saklamakda, dünýä ýüzüne ýaýmakda, hünär ussatlyklaryny ýüze çykarmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryna jogap edip, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary döredijilikli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň geljekki ýaş nesilleri üçin şeýle uly aladalary edýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Rano TAJIHALOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň
mugallymy.