GÖWÜN GÖTERIJI GÖZELLIKLER

 Paýtagtly ýaş florist Muhammetberdi Muhammetberdiýew 2019-njy ýyldan bäri janly güllerden bezelen sowgatlyklary taýýarlamak we onuň söwdasyny guramak bilen meşgullanýar. Ol önümler Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda «Magnoliýa» dükanynda öz müşderilerine hödürlenýär we welaýatlar üçin hem elýeterli edilýär.

Janly gözelliklerden düzülen gül çemenleri, haýran galdyryjy we ýakymly ysy bolan sowagtlyklary taýýarlamakda ol häzirkizaman usullaryndan peýdalanýar.  Şanly wakalar, dogalan günler we belli seneler mynasybetli öz ýakynlaryny begendirmek isleýänler üçin bu ýerde sargytlar esasynda dürli möçberdäki sowagtlyklar taýýarlanýar. Olara ýumşak oýnawaçlar, süýjülikler we beýleki bezeg serişdeleri sazlaşykly goşulyp täsin esere meňzeş göwün göteriji gülli sowgatlar emele getirilýär. Dürli şekilleri, sowgadyň manysyny aňladýan mazmunly, özboluşly reňk utgaşygy taýdan ýokary hilli sowgatlar estetikany halaýanlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlikdir. Bir hepdäniň dowamynda terligine saklanmak ukyby bolan gyzyl, mahmal, ýaşyl, gök, ak bägüller dürli gaplara, bezemen sandyjaklara, has köp mukdardakylar bolsa dürli figuraly güldanlara ýerleşdirilip müşderilerine amatly ýagdaýda ýetirilýär. Ýaş floristiň işläp-düzýän we dizaýnerçilik çözgütlerine laýyk gelýän gülli toplumlary islendik ýaşdaky kabul ediji üçin hem ýakymly hem ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlaýan bolsa gerek.

Öz meşgullanýan işi barada Muhammetberdi: «Men güllere ideg etmegi, floristikany öwrenmegi gowy göremsoň, biznes babatda ilkinji ädimim şular bilen bagly boldy. Güller näzik bolansoň olar bilen juda seresap we jogapkärli çemeleşýäris. Müşderileriň isleglerini nazara almak, niýetlenilýän adamyň ýaşyny we gowşurylmaly ýerini, wagtyny göz öňünde tutýarys. Biz esasan eýran, golland we ýerli bägülleri peýdalanýarys. Olar öz howa we toprak şertlerimizde Lebap welaýatynda guralan ýörite ýyladyşhanada ýetişdirilýär» diýip belleýär.

Ýaňy ýakynda bolsa, ýaş florist içi balykly akwarýumy güller bilen bezäp, has üýtgeşik görnüşli sowgady işläp düzdi. Geljekde hem şu çygyrdaky işlere döredijilikli ideýa bilen çemeleşmegi, önümleriniň hil we mukdar taýdan ýokary derejesini üpjün etmegi, saýlap alan ýolunda meşhurlyk gazanmagy, güller bilen göwün götermegi ýaş florist maksat edinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector