TÜRKMENISTAN HABARLARY

Göwher sözüň ýakymy

Lebap welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenabat şäheriniň orta hünär mekdepleriniň talyp ýaşlary, TMÝA-gyň Lebap welaýat geňeşiniň hünärmenleri we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly dürdäne kitabynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde uludan belleýän günlerimizde halkymyza sowgat berilmeginiň özi buýsandyryjydyr diýip buýsançly bellediler. Bu kitap Giriş we “Taryha syýahat” hem-de “Ruhy miras “atly babplardan ybarat bolup, birinji baby 5 bölüm, ikinji baby bolsa 6 bölümi öz içine alýandygy barada çykyşlarynda bellediler. Gahryman Arkadagymyz
“Hakyda göwheri” kitabynda – Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Taryh şu ýerden başlanýar – taryh şu ýerde dowam edýär” diýip belleýşi ýaly, ähli beýik işler halkyň beýikligi bilen barabardyr diýip guwançly sözler bilen çykyş etdiler. Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary bu kitapdan öwrenip bolýandygy,
halkymyzyň taryhyň dowamynda nesillere miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly ýoly, beýik şahsyýetleri hakdaky her bir maglumat kitapda jikme-jik berlendigi barada belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň beýläkde galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höňwriniň köp bolmagyny we ajaýyp döwrimizde okamana, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge
döredilip berilen şertleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.