YKDYSADYÝET

Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy göreş çäreleri geçirilýär

Bu işlere Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap boýunça-da üstünlikli alnyp barylýar. Etrap boýunça 18 müň 500 gektar ýere ekilen gowaçalara şu günler biologiki usulda zyýankeşlere garşy göreş çäreleri geçirilýär. Etrapda jemi 16 sany biokärhana hereket edip, olarda häzirki wagtda daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda ekilen gowaçalary zyýanly mör-möjeklerden goramak üçin altyn gözlüje, trihogramma we gabrobrakon ýaly bioönümler ýetişdirilýär. Etrap boýunça altyn gözlüjäniň 6435-si, trihogrammanyň 6552-si gowaçaly meýdanlara goýberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: