YKDYSADYÝET

Gowaça ekişine taýýarlyk görülýär

Bahar paslynyň gelmegi bilen gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň zähmet adamlary ekişde ulanyljak dürli kysymly tehnikalaryň we ekiş gurallarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýüzden gowrak görnüşini öňünden taýýarladylar. Zawodda ätiýaçlyk şaýlary abatlamak we täzeden ýasamak boýunça buýurmalaryň uly topary öz wagtynda ýerine ýetirilip, önümler buýrujylara iberildi. Şoňa laýyklykda ýylyň başky iki aýynda meýilleşdirilen 310 müň manatlyga derek 515 müň 400 manatlyk möçberdäki işler ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şu günlerde diňe bir gowaça ekişinde däl, eýsem, bugdaý oragynda ulanyljak tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak we abatlamak işleri bilen hem meşgullanylýar.

Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: