YKDYSADYÝET

Gowaça ekişine badalga berildi

 Şu gün ― 24-nji martda Lebap welaýatynda gowaça ekişine girişdildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ak patasy bilen gündogar sebitde Ahal, Balkan we Mary welaýatlary bilen bir günde ekişe badalga berildi.

Lebaply babadaýhanlar şu ýyl hem 130 müň gektar meýdanda gymmatly çig mal hasaplanylýan gowaça hasylynyň 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu maksada üstünlikli ýetmek üçin gowaça ekiji tehnikalar we oba hojalyk gurallary taýýarlyk nyzamyna goýuldy. Häzirki wagtda welaýatyň oba hojalyk işlerinde ulanylýan dürli kysymly kuwwatly daşary ýurt tehnikalarynyň jemi sany 1500-e barabardyr. Şolaryň agramly bölegi elektron ulgamy arkaly dolandyrylýan tehnikalardyr. Gowaça ekişinde «Monosem» kompaniýasynyň gowaça ekijileri hem ulanylar. Mundan başga hem gowaça ekijileriň kämil görnüşleriniň 300-e golaýy ekişe gatnaşdyrylar.

Ekişden soň köp wagt geçmänkä bejergide ulanmak üçin ABŞ-nyň «Ortman-8375» kysymly bir wagtyň özünde hem dökün berýän, hem topragy ýumşadýan enjamlaryndan hem giňden peýdalanylar.

Kärendeçileriň tohum bilen üpjünçiligi hem ýokary derejede guraldy, ekmek üçin tohumlyk çigidiň 21 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «S-2606» ýaly görnüşlerinden bol hasyla garaşylýar. Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde bolsa 150 gektara golaý ýerde «Ýolöten-50», «Ýolöten-53» ýaly gowaçanyň täze görnüşleri ekiler. Şeýle hem Saýat ylmy-önümçilik synag hojalygynyň meýdanlarynda bolsa şu möwsümde gowaçanyň «Garaşsyzlyk-30» görnüşi synag üçin ekilýär.

Şu gün irden bu möhüm oba hojalyk möwsümi mynasybetli welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Soňa ýaşulularyň bissimillasy bilen Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde ekişe badalga berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: