Ähli pudaklardaky ýaly oba hojalygynda hem edilmeli işleriň meýilnamasy birnäçe wagt öňünden düzülip oňa taýynlyk görülýär. Oba hojalygynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň birini ünsden düşürseň, ýa-da giç ýerine ýetirseň alynjak hasyla göniden-göni täsirini ýetirýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda
ykdysadyýetiň agrar sektoryna hem uly üns berilýän ýurdumyzda ýaňy-ýakynda gowaça ekişine badalga berildi.
Welaýatymyzyň ähli etraplarynda gowaça ekmek babatynda öňünde goýlan işleri birkemsiz ýerine ýetirmek üçin tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleri jan aýaman zähmet çekýärler. Öz işine ussat hünärmenler tehnikalardan peýdalanyp eýýäm birnäçe gektara ak altynyň tohumyny sepdiler.
Biz hem geljekde oba-hojalykçy bolmagy meýilleşdirip Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde bilim alýarys.
Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tagallasy bilen gowça ekiş işleri birkemsiz berjaý ediler diýilip garaşylýar. Bir bada 4 hatara ekmäge niýetlenen ekiji maşynlary görende göwnüň galkynýar. Bir gezekde sekiz hatara gowaça çigidini ekip bilýän maşynlaryň hem bar bolmagy has hem begendirýär. Baharyň ilkinji aýynda, oba-hojalyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýän döwründe ekişden öň topragy gurplandyrmak maksady bilen mineral we organiki dökünler döküldi, ýuwuş suwlary tutuldy. Häzirki wagtda ýerine ýetirilýän işler geljekde gyzyl pula çalşyp boljak “Ak altyny” almak üçindir.
GAPUROWA Albina,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.