BIZE YAZYARLAR

GOWAÇA ÇÖPÜNDEN FURFUROLY ALMAK WE ONDA FIZIKI HIMIKI SYNAGLARY GECIRMEK BOÝUNÇA YLMY BARLAGLAR

Gowaça oba hojalyk ekinleriniň arasynda iň ähmiýetlisi bolup ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Gowaçadan alynýan gymmatly önümler sanadardan gaty köp.Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda onuň hasyly ýyldan-ýyldan ýokarlandyrylýar.

Gowaçanyň ähli görnüşleri Gossypium urugynyň mamamçörekler (Malvaceae) maşgalasyna degişlidir. Gowaça ýer şarynyň tropiki guşaklygyndan gelip çykypdyr.  Süýüm alynýan ösümlikleriň arasynda gowaça iň gymmatly oba hojalyk ekinleriniň biridir. Halk hojalygynda gowaçanyň süýüminiň ulanylmaýan pudagy ýokdyr. Pagta hasyly ýygnalandan soň meýdanda gowaça çöpleri galýar. Sürümi kesgitlenen möhletlerde geçirmek üçin gysga wagtda olary aýyrmak gaýragoýulmasyz meseledir. Gowaça çöpleriniň bir bölegi ýangyç hökmünde ulanylýar, köplenç halatda olar peýdasyz ýakylýar. Çöpleriniň organiki dökün hökmünde güýz sürümi arkaly topragyň aşaky gatlagyna hem garylýar.

Gowaça çöpüniň düzüminde bar bolan maddalaryň arasyndan pentozany   gaýtadan işlemek bilen furfurol almaklygyň mümkinçiliklerini gözleýäris. Furfurola bolan isleg onuň önümçiliginden has ýokary. Furfurol senagatda öndürilýän himiki birleşme bolup, ony dürli oba hojalyk ekinleriniň galyndylaryndan, şol sanda gowaça çöpünden hem öndürmek mümkin. Furfurol we onuň furil spirti ýaly önümleri özbaşdak ýa-da fenol, aseton, moçewina bilen bilelikde gaty smolalary aýna süýmlerini almakda ulanylýar.Ol erediji hökmünde nebiti gaýtadan işlemekde kauçugy öndürmekde ulanylýan diýenleri beýleki uglewodorodlardan bölüp almak üçin ulanylýar. Furfurol garyndysy az mukdarda oba hojalygynyň galyndylaryny 8-10% kükürt kislotasynyň ergini bilen garyşdyrmak arkaly öndürilýär.Halypa mugallymym Taýyr Mamedowyň maslahatlary bilen dürli tejribeler arkaly alynýan önüm seljerildi we onuň halkara ülňülere laýyk gelýändigi anyklandy.Biz munuň bilen ýurdumyzyň önümçilik binýadyny ýokarlandyrmaga galyndylaryň daşky gurşawa täsirini peseltmäge goşant goşup bileris. Bize ylmy döredijilik işleri bilen meşgullanmaga täze oýlap tapyşlara höwesimizi artdyrýan Arkadagly Serdarymyza köp hoşşalyk bildirýäris.

Gowaça çöpüniň himiki düzümi

T/b

Maddalaryň ady

Baldagynda

Gabygynda

1.               

Sellýuloza

36, 8

33, 4

2.               

Lignin

27, 17

25, 86

3.               

Geksozanlar

42, 97

42, 07

4.               

Pentozanlar

19, 99

12, 86

5.               

90°C  temperaturada suw bilen ekstragirlenýän maddalar

5, 69

9, 71

6.               

Kül emele getiriji maddalar

1, 59

6, 83

 

Önümçilikde şu usuly ulanyp 1 tonnany gaýtadan işlemek bilen 100 kg furfurol alyp bolýar. Netijede, bu daşky gurşawa ýetirilen zyýany azaltmaga, önümçiligiň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.Zyňyndylary gaýtadan işlemek önümçiligiň ekologiki we ykdysady taýdan bähbitlidigini bellemek gerek. Çünki öňdebaryjy dünýä tejribesinde bu ugra aýratyn uly üns berilýär.

 Güljemal Amanowa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: