Häzirki döwürde Berkarar döwletimiz bagtymyzyň kepili bolan Konstitusiýamyzyň ýörelgelerine esaslanyp, Döwlet baýdagymyzyň penasynda nurana geljege sary bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň özenini bolsa asylly däp-dessurlarymyza ygrarlylyk, belent borja wepalylyk hem-de merdana pederlerimiziň ýüreklerinde beslän arzuw-umytlary düzýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
«Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz»
diýen dürdäne pikirleri bu günki gün Esasy Kanunymyzyň mazmunynda we Döwlet baýdagymyzyň keşbinde öz beýanyny tapyp, ähli döwürdeşlerimiziň kalp owazy bolup ýaňlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň goşa baýram hökmünde bellenilmegi uly many-mazmuna eýedir. Millilige ýugrulan garaýyşlary özünde jemleýän goşa baýram ýurt Garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy hakyndaky pederlerimiziň köpasyrlyk arzuwlary bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň binýadyny berkden tutan täze taryhy zamanasynyň arasyndaky mizemez sazlaşygyň döwrebap şöhlelenmesi we onuň aýdyň subutnamasydyr.
Atajan KADYROW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

