Okuwçylaryň tomus dynç alyş günleriniň ýakynlaşmagy bilen olara ýaş aýratynlyklaryna görä sapakdan daşary çeper eserleri okamagy tabşyrýarys. Şeýle eserler olaryň dünýägäraýşynyň giňelmegine we sözleýiş endikleriniň kämilleşmegine ýardam edýär.
Üstümizdäki okuw ýylynyň dowamynda hem okuwçylarda çeper edebiýata söýgi döretmek maksady bilen okuw-terbiýeçilik çäreleriniň birnäçesini geçirdik. Şeýle eserleriň arasynda ‘’Görogly’’ şadessanyndaky ‘’Göroglynyň döreýşi’’ bölümi kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Bu şahsyýet nesiller üçin nusgalyk ýörelge.
Türkmen halky birine ýagşy dileg edende oňa Görogly begiň ýaşyny dileýär. Şadessanyň gahrymanlary bilen baglanyşykly deňeşdirmeler we durnukly söz düzümleri gepleşik dilimizde hem giňden ulanylýar. Daş keşbi pälwansypat gyzlara «Edil Harmandäli ýaly» diýilse, nahar başynda kimdir biriniň işdäsi açylsa, oňa: «Arap Reýhan ýaly doýmagy bilmeýärsiň» diýip ýomak atýarlar. Adam ogly mert diýip mydama beýiklige höwrügýär. Görogly begiň keşbi nesilleriň ruhy hemrasy bolup gelýär.
Türkmen edebiýatçy alymlary geçen asyryň 40-njy ýyllaryndan «Görogly» şadessany bilen gyzyklanyp başladylar. Ýazyjy Ata Gowşudow bu eseri halkyň arasyndan ýygnap, bir ýere çugdamlap, syntgylap, kitap görnüşinde okyjylara ýetirmegi gazandy. Baýmyhammet Garryýew, Mäti Kösäýew ýaly edebiýatçy alymlar «Görogly» şadessanyny içgin öwrenip, halka ýetirdiler.
«Görogly» şadessanynda ady rowaýata öwrülen Görogly begiň hem-de onuň batyr kyrk ýigidiniň edermenligi beýan edilýär. Şadessanyň ençeme asyrlaryň dowamynda halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolmagy onuň iňňän ýokary çeperçilik derejesine ýetirilenligine güwä geçýär. Bu eserden halk durmuşynyň islendik meselesine jogap tapyp bolýar.
Şadessan harby-gahrymançylyk temasyna degişli ýaly bolup görünse-de, onda watanperwerlik ýokary derejede beýan edilipdir. Eserde mertlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk, nesil terbiýesi, şol bir wagtyň özünde hem rehimdarlyk görkezilýär. Şady-horramlyk, ruhubelentlik, aýdym-saz sungatynyň kämilligi bu ajaýyp eseriň ähmiýetini görlüp-eşidilmedik belentliklere ýetirýär. Halkymyzyň ruhy ahwalynyň hemişe belent bolandygyna şadessany boýdan başa okap çykanyňda doly göz ýetirýärsiň.
Nesilden nesle geçip, halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşan bu ajaýyp eseriň alnyndan ak Gün dogdy. «Görogly» dessançylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
Biz hem bu eser boýunça okuwçylar bilen gyzykly bäsleşikleri we göreldeli sapaklary guraýarys. Şadessan bilen baglanyşykly sapakdan çäreler okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde we olarda milli mirasymyza bolan söýgüni ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
Abadan SULTANOWA,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.