SUNGAT ADAMLARY

Görnükli sungat işgäri 2024-nji ýylyň düşüme beslenmeginiň 9 sebäbini paýlaşdy

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Mekan Sylapow özi üçin 2024-nji ýylyň iňňän düşümli ýyl bolandygyny aýdýar. Ol welaýat neşirinde bu düşümi bolup geçen şanly wakalaryň dokuzysynyň mysalynda teswirleýär.
Olaryň hatarynda teatryň «Magtymguly, düşdüň yşgyň güzerine» atly spektakly
sahnalaşdyrmagy, Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşmak, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Döwlet münberiniň öňünde geçirilen dabara ilkinji gezek režissýorlyk etmek, Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygyndaky «Dokmaçylar» folklor topary bilen Hytaý Halk Respublikasynda döredijilik saparynda bolmak, şu ýylyň ganatly şygarynyň
teatrymyzyň repertuarynyň baýlaşmagyna täsir edip, geçen ýyllara garanyňda, täze oýunlaryň, edebi-sazly çykyşlaryň has köp sahnalaşdyrylmagy, «Gelin ýöreýşi» atly sahna oýnunyň paýtagtymyzda geçirilen teatr festiwalyna gatnaşdyrylmagy, onuň ilkinji ogly Seýitnazary öýlendirip, toý bermegi, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda Şa serpaýyna  — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna we ýadygärlik nyşanlar toplumyna mynasyp bolmak we Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyndan ruhlanyp, şöhratly taryhymyza bagyşlanan sahna oýnunyň taýýarlyk işlerine girişilmegi bar.