TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Gorkut ata Bütindünýä türk film festiwalynda» «Nejep oglan» filmi görkeziler.

Režissýor Wepa Işangulyýewiň surata düşüren «Nejep oglan»  filmi festiwalyň gözden geçirilişiň bäsleşik meýilnamasyna girizildi. Bu barada «Zaman» gazeti  habar berýär.

«Gorkut ata Bütindünýä türk film festiwaly» 8 – 12-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler. 

Festiwalyň çäginde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Tatarystandan, Saha Respublikasyndan (Russiýa Federasiýasy), Wengriýadan, Eýrandan, Gagauzdan (Moldowa), Ukrainadan we türk dünýäsiniň beýleki ýurtlaryndan barjak kinematografçylar taryhy we häzirki zaman fantastikasy žanrynda surata düşürilen iň oňat eserlerini, dokumental we multiplikasion filmlerini görkezerler.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döredilen «Nejep oglan» filmi ilkinji gezek 2020-nji ýylda Aşgabatda görkezildi. Film dutar bilen göwün hassalygyny bejerýän gudratly güýje eýe bolan ýaş bagşynyň başdan geçirmeleri hakda gürrüň berýän adybir dessanyň esasynda surata düşürildi. «Nejep oglan» filmi has ýagty we göwrümli görkezýän 4K formatynda innowasion enjamda düşürildi. Taryhy döwri ygtybarly beýan etmek üçin, kino işgärleri Türkmenistanyň taryhy ýerlerinde saparda boldular. Film, esasan, Köneürgençde, Köýtendagda surata düşürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: