BIZE YAZYARLAR

Görk ― agyzdan

Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň ýaşaýşyň girewidir, sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeý şerti bar: fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen, adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň hem öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny dikeltmäge mümkinçilik alýarlar. Hereketsiz, oturymly ýaşaýyş düzgüni we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Onda adamlaryň kaloriýa ulanyşy
köp bolup, sarp edişi az bolýar.
Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoporozyna, ýürek-damar, kelle-beýni keselleriniň, süýjüli diabetiň we howply täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Lukmanlar günüň dowamynda 30 minut işjeň türgenleşmegi maslahat berýärler. Her gün bary-ýogy 30 minut işjeň türgenleşik adamyň saglyk ýagdaýynyň düýpli berkemegine kömek edýär. Islege görä, muny 10 — 15 minutdan iki-üç gezege bölmek hem bolýar. Ilkinji türgenleşigi bedene agram salmaz ýaly, gezim etmekden başlamaly. Ondan soňra kem-kemden tiz ýöremeklige, ylgamaklyga, çekilmek-ýazylmak maşklaryna
uýgunlaşmaly.
Sagdyn iýmitlenmegiň hem öz düzgünleri bar. Esasy düzgünleriň biri-de iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Mallardan alynýan önümlere garanyňda, gök-bakja we miweli önümlere has köp üns bermeli. Gök önümler hem dürli-dürli bolmaly. Sebäbi iýmitiň ýeke biri adamyň bedenini gerek bolan ähli maddalar bilen üpjün edip bilmeýär. Mysal üçin, ýeralma bedeni C witamini bilen üpjün edýär, ýöne demir bilen bagly zerurlygy kanagatlandyryp bilmeýär. Onuň tersine, däneli ösümlikler demre baý, ýöne olaryň düzüminde C witamini ýokdur. Adamlarda
çörek bilen ýeralmanyň beýleki iýmit önümlerine garanyňda basym semredýändigi barada düşünje bar. Şeýle hem bolsa, iýmitlenmekde çörege, makaronly önümlere, tüwä we ýeralma möhüm orun degişlidir. Olaryň düzüminde ýag az bolup, ýokumly maddalar köpdür. Günüň dowamynda birnäçe gezek gök önümleri we miweleri iýmeli, esasan-da, ter görnüşinde 400 gramdan az bolmadyk mukdarda peýdalanmaly. Ösümliklerdir gök otlaryň düzümi hem ýokumly, işjeň maddalara baýdyr. Ata-babalarymyz dermanlyk ot-çöpleri guradyp, däri-derman hökmünde ulanypdyrlar.
Adamlar nädogry iýmitlenen ýagdaýynda ganazlyk ýüze çykyp bilýär. Ol demriň we beýleki ýokumly mikroelementleriň ýetmezçiligi netijesinde döreýär. Nahary duzly iýmeklik dogry hasaplanmaýar.

Hurma JUMANIÝAZOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.