Goraghanalar barada täsin maglumatlar
Häzirki wagtda dünýäniň 120 döwletinde jemi 654 sany biosfera goraghanasy
bar.
Dünýäde ilkinji goraghana Beýik Britaniýanyň Günbatar Ýorkşir sebitinde 1821-
nji ýylda tebigaty öwreniji Çarlz Uorterton tarapyndan öz seýilgähini bikanun
awçylardan, ýagny, brakonýerlerden goramak maksady bilen döredilipdir.
Dünýäniň iň uly goraghanasy «Pantanal» goraghanasy bolup, onuň tutýan meýdany 195 müň inedördül metre deňdir. Ol Braziliýa döwletinde ýerleşýär.
Dünýäniň iň kiçi goraghanasy «Galiçýa gora» atly goraghana bolup, onuň tutýan meýdany 230 gektara barabardyr. Ol Russiýa Federasiýasynyň çäginde ýerleşip, onda ösümlikleriň 650 görnüşi ösýär.
Häzirki wagtda hereket edýän dünýädäki iň irki goraghana Russiýa döwletiniň
çäginde ýerleşýän «Barguzin» goraghanasydyr. Ol 1916-njy ýylyň 29-njy
dekabrynda sobol sütükli derisi bolan haýwanlaryň sanyny köpeltmek maksady
bilen döredilipdir.
Dünýädäki iň ýaş, täze goraghana «Bereketli Garagum» goraghanasydyr. Ol
2013-nji ýylda Garagum sährasynyň gaýtalanmajak täsin tebigatyny goramak
maksady bilen döredildi.
Dünýäniň iň meşhur goraghanasy Russiýa Federasiýasynyň «Kawkaz»
goraghanasy hasaplanylýar. Oňa 2021-nji ýylda syýahatçylaryň 539 müňüsi
tebigatyň haýran galdyryjy täsin gözelliklerini synlamaga gelipdir.