DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Google» milliard rubl möçberde jerimäniň täze görnüşi salyndy

Tagan etrabynyň №422 ylalaşdyryjy kazysynyň kazyýet uçastogy «Google LLC» («Alphabet» holdinginiň düzümine girýär) 7,221 milliard rubl görnüşinde peýda jerimesini belledi. Kompaniýany Russiýada gadagan edilen maglumatlary aýyrmandygynda aýypladylar. Bu barada «РБК» ýazýar.

Gürrüň Russiýanyň administratiw düzgün bozmalar hakyndaky Kodeksiniň 13.41 maddasynyň 5-nji bölegi barada gidýändigi zerarly, kazynyň kompaniýanyň peýdasyna jerime salmaga hukugy bar. Ol kompaniýanyň düzgün bozma ýüze çykarylan ýyldakysyndan öňki ýylda gazanan düşewündiniň 1/20-den 1/10 bölegine çenli bolup biler, ýöne 4 million rubldan az bolmaly däldir. «СПАРК»-nyň maglumatlaryna görä, «Google»-niň şahamçasy bolan «Gugl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2020-nji ýyldaky düşewündi 85 milliard rubla, arassa girdejisi bolsa 1,73 milliard rubla barabar bolupdyr.

Peýdasyna salynýan jerime kompaniýalar birinji gezek ulanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: