JEMGYÝET

«Google Chrome» täze peýdaly funksiýalaryň ýesi bolar

«Google Chrome» skrinşot döretmek we «Google Lens»-i goldamak üçin täze instrument aldy. Peýdaly funksiýalar ulanyjylar üçin ýylyň ahyryna çenli elýeter bolar, diýip «mail.ru» ýazýar. Gürrüň «Windows», «macOS», «Linux» и «ChromeOS» platformalarynda işläp biljek, şonuň ýaly-da «Google Lens»-i goldajak ekranda surat döretmek üçin niýetlenen instrument barada gidýär. Bu tehnoloýa brauzeriň kontekst menýusynyň kömegi bilen suratlary gözlemäge mümkinçilik berýär. «Chrome»-de skrinşot funksiýasy «Microsoft Edge»-däki şoňa meňzeş instrument ýaly işlär. Gerek bolan ýagdaýynda ulanyjy ekranyň ähli ýerini ýa-da özüne gerek bölegini surata düşürip biler. Häzir alynýan çägi giňeltmek üçin sahypany aşaga süýşürip bilmek ukybynyň goldanyljakdygy nämälim.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: