Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Google Chrome» köne kompýuterlerde işlemez

Feb 16, 2021

«Chrome» firma bräuzeri köne kompýuterleriň käbirlerini goldamagyny bes eder. Olaryň eýelerini tiz wagtdan bu barada duýduryp başlarlar. Bu barada «mail.ru» habar berýär.
Gürrüň «Supplemental Streaming SIMD Extensions 3 (SSE3)» buýruklary goldamaýan x86 gurluşly prosesorlar barada gidýär. Diýmek, üýtgeşmeler 2005-nji ýyldan öňki çykarylan kompýuterlere degişli bolar.
Ýakyn wagtda «Chrome 87» we ýokary wersiýalarynda peýdalanyjylar goldawyň bes edilýändigi barada duýduryş alyp başlarlar.
Çäklendirmeler diňe «Windows»-a degişli bolar diýlip çaklanylýar.

Leave a Reply