DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Google» 177 million dollar jerime tölär

Günorta Koreýanyň antimonopol sazlaýjysy amerikanyň «Google» kompaniýasyna bazarda çenden aşa agalyk edýändigi üçin 177 million dollar jerime saldy, diýip «lenta.ru» ýazýar.

Edarada bellemeklerine görä, kompaniýa mobil operasion ulgamlarynyň bazarynda özleriniň bäsdeşleri bilen göreşmek üçin agalyk edýän ýerinden hyýanatçylykly peýdalanypdyr. «Google» smartfonlary öndürijiler bilen özleriniň enjamlaryna «Android» operasion ulgamynyň modifisirlenen görnüşlerini goýmak barada ylalaşyklary gazanypdyr. Antimonopol edarasy bu hereket telefonlar üçin innowasion operasion ulgamyny işläp taýýarlamaga zyýan berdi diýip hasaplaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: