Önümçilik işlerini Halaç etrabynyň çäklerinde alyp barýan «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetinde öndürilýän keramiki önümleriň goňşy ýurtlarda meşhurlygy barha artýar. Bu barada welaýat gazeti habar berdi.
Neşiriň ýazyşy ýaly, Halaçda öndürilýän keramiki bezeg kerpiçleri eýýäm Özbegistanda islegli harytlaryň birine öwrüldi. Hojalyk jemgyýetiniň wekilleri Özbegistanda we Gazagystanda geçirilýän sergilere-de yzygiderli gatnaşýarlar.
Ýakynda bu ýerde öndürilen önümler paýtagtymyzda geçirilen TSTB ― 2025 sergisinde hem görkezildi.
Goňşy döwletlerde Halaçda öndürilýän keramiki kerpiçlere bolan isleg artýar

21
Mar