DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Goňşularymyzda mobil ulgamsyz jaň edip bolar

2026-njy ýylda Gazagystanda Wi-Fi ulgamy arkaly sesli jaňlary amala aşyrmaga we kabul etmäge mümkinçilik berýän VoWiFi tehnologiýasyny giň möçberde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär diýip, aragatnaşyk operatorlarynyň wekilleri hökümet mejlisinde habar berdiler.
Bu tehnologiýa ýaşaýyş jaýlarynyň we ofis binalarynyň içinde öýjükli aragatnaşygyň signaly gowşak bolan ýerleri, ýagny şeýle diýilýän “ak nokatlary” aradan aýyrmaga gönükdirilendir.
“Kar-Tel” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýewgeniý Nastradin bu tehnologiýanyň synag taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belläp, “Geljek ýylda bu tehnologiýa giňden elýeterli bolar” – diýip aýtdy.