YKDYSADYÝET

Gökdepede bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe öndürýän kärhana açylar

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana gurlup ulanylmaga taýýarlanyldy. Bir gije-gündizde 100 tonna önüm öndürmäge ukyply bolan bu desga dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu barada hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow habar berdi.
Täze önümhana ýurdumyzda ýokary hilli ýerli önümlere bolan islegi kanagatlandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de önümçiligiň görnüşlerini artdyrmaga hyzmat eder. Bu taslama ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere täze kärhananyň açylyş dabarasyna guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Täze önümhananyň ulanmaga berilmegi bilen senagat pudagynda täze mümkinçilikler açylar.