YKDYSADYÝET

Gök we miwe konserwalarynyň 281 tonnasy gaplanyldy

Lebap welaýatynyň «Miwe»  oba hojalyk senagat birleşiginde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ilat arasynda iň geçginli azyklyk önümleri bolan gök we miwe konserwalarynyň 702 müň şertli bankasy gaplanyldy. Şonda öndürilen önümiň umumy möçberi 281 tonna barabar boldy.

Harytlyk önümiň pul hasabyndaky möçberi  2 million 274 müň 219 manatlyga deň boldy.  Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 6 müň 660 manatlyk köpdür.

Oba hojalyk senagat birleşiginde geçen ýylda dürli görnüşli gök we miwe konserwalarynyň 7 million 516 müň 258 manatlygy gaplanyldy we sarp edijilere ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: