YKDYSADYÝET

Gök önümleriň, bakjanyň we miwäniň gory taýýar edildi

Daşoguz welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň garamagyndaky ammara ýylyň başyndan bäri gök önümleriň 2 müň tonna golaýy, bakjanyň 370 tonnasy, miweleriň hem 170 tonnadan gowragy kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti şeýle habar berýär:

Bu ammar gök-bakja önümleriniň 3 müň tonnasyny ygtybarly saklamaga, olary görnüşleri boýunça saýlamaga hem-de sarp edijilere elýeterli bahalardan ýetirmäge mümkinçilik berýär. Daýhan birleşikleriniň kärendeçileri, ýerleri uzak möhlete ulanmaga alan daýhan hojalyklary we beýleki önüm öndürijiler baglaşylan şertnamalar esasynda dürli görnüşli önümleri saklamak üçin bu ýere tabşyrýarlar. Azyklyk önümler ammaryň degişli jaýlarynda tapgyrlaýyn esasda ýerleşdirildi. Ilaty öz önümlerimiz bilen ýylyň islendik wagtynda doly üpjün etmekde bu kuwwatly desganyň mynasyp goşandy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: