- GIŇDIR DÜNÝÄ, GEŇDIR DÜNÝÄ

GÖK LÄHEŇLER-IŇ IRI JANDARLARDYR

Gök läheňler Ýer togalagynda şu wagta çenli ýaşap geçen we häzir ýaşap ýören jandarlaryň ählisinden  iň ulusydyr. Alymlaryň pikiriçe, olaryň  şeýle iri bolmagyna iýmit üçin güýç ýitirmezligi uly täsir edýär. Gök läheňlerde dişe derek süzgüje meňzeş zat bolup,  olar balyklardyr beýleki iýmitlik jandarlaryň üýşen ýeriniň golaýyna baryp suwy bir gezek özüne çekse, şonuň bilen garnyny doýurýar. Beýleki görnüşli läheňlerde bolsa diş bolup, olar iýmitini kowalap köp ýerleri aýlanyp, hat-da has çuňluklarada aralaşyp tutmaly bolýarlar. Gök läheňler bilen deňeşdirende ýunuslar, deňiz doňuzlary kiçijik bir zatdyr. Alymlaryň geçiren barlag işleri gök läheňleriň göwresiniň ulylygy-kiçiligi olaryň ýaşaýan ýerlerinde iýmit gorlarynyň baýdygyna ýa-da garypdygyna baglydygyny hem görkezdi. Olar iki aýlap bir ýerde ýatyp golaýyndaky balyklardyr beýleki jandarlar bilen iýmitlenip, ýag toplaýarlar we aoňra özleriniň köpelýän, ýöne iýmitiň az ýerine ýüzüp gidýärler.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

                                 Taýýarlan Allaýar ORAZOW.