BIZE YAZYARLAR

Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren gök-önüm

Häzirki wagtda dünýäde 200-den gowrak gawunyň görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. 2019-njy ýylda Ýaponiýada dünýä meşhur çaý we kofe önümlerini öndürýän “Pokka Food & Beýerage LTD” kompanýasy tarapyndan geçirilen auksionda 2 sany “Ýubari King” gawuny 40000 ABŞ dollaryna satyldy we iň
gymmat gök önümi hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi.
Dünýäde diňe Ýaponiýanyň Ýubari diýen ýerinde ösdürilip ýetişdirilýän gawunyň “Ýubari King” görnüşi häzirki wagta çenli iň gymmat gök-bakja önümi bolmagynda galýar. Gawunyň bu görnüşi diňe ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýär we onuň tagamy gawundan tapawutlylykda şol bir wagtyň özünde
hem garpyza, hem ananasa çalym edýär.
Gawunyň bu görnüşiniň ýapon seleksionerleri tarapyndan döredilmeginiň özi bir sungat.Gawunyň bu sortynyň takyk haýsy ýylda döredileni belli däl ýöne ol Ýaponiýanyň Hokaýdo adasyndaky Ýubari diýlen kiçijik şäherinde döredildi. Iki sany gawunyň sortyndan döredilen bu täze görnüş dünýäde tiz wagtda meşhur bolmagy başardy. “Ýubari King” döredilenden soň Ýaponýanyň Ýubari şäheri syýahatçylaryň, agranomlaryň, biologlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

NARKULYÝEWA Dilnaz,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünar
okuw mekdebiniň talyby