BIZE YAZYARLAR

Giň gerimli bilim ulgamy yzygiderli kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berilmek bilen, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýa esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşmaga ukyply ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşi, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual kuwwatyndan netijeli
peýdalanmak möhüm şert bolup durýar. Şeýlelikde, ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň ulanylmagy ýokary derejede ösen döwletleriň ösüşiniň möhüm şertidir.
Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, iň öňdebaryjy tejribeleri özüne siňdiren häzirkizaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygy baýlyklarda däl-de, adamlarda, olaryň ylmynda, biliminde, hünär derejesinde hem-de zähmetiniň netijesinde jemlenýär. Hormatly Arkadagymyzyň şu çuň mazmunly pähim-parasadyndan we bilimiň binýadyny berkitmek babatda edýän asylly işlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap , durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi.
Bilim edaralarynda berilýän bilimiň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, ykdysadyýetiň ösüşi üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy, bilim edaralarynyň ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň ýokary derejesine laýyk enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak barada alnyp barylýan syýasatyň ajaýyp miweleridir. Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy irki tapgyrlardan çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary öňdebaryjy dünýä tejribesine
hem-de milli mugallymçylygyň baý mirasyna daýanyp terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi soňra olardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ýardam edýär. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de sagaldyş merkezleriniň döwrebap desgalary halkyň hyzmatyna berilýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bu ulgamy kämilleşdirmek hakynda Permanlarydyr Kararlarynyň, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi, düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän, ökde hünärmenleri taýýarlamaga, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmäge, olary halka, Watana, hormatly Prezidentimize söýgi hem wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň ýokary hil netijelerini gazanmaklaryna giň ýol açdy. Netijede, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen häzirki döwürde alyp barýan işleriniň çäginde:
– Orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuw möhleti, mugallymlaryň iş ýükleri, çagalar baglarynda toparlaryň, orta mekdeplerde synplaryň dolulygy kadalaşdyryldy;
– Okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy;
– Welaýat, etrap merkezlerinde uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ýaşaýan çagalaryň kadaly bilim almaklaryny üpjün etmek maksady bilen Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda mekdep-internatlary döredildi;
– Ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň gerimi giňeldildi;
– Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna täze okuw dersleri girizildi.
Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi umumymilli bähbitleriň hem-de her bir raýatyň bähbitleriniň sazlaşýan ulgamyna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi.
Munuň özi agzybir, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhynyň altyn sahypalaryny ýazýandygyny aňladyp, buýsanjyňy artdyrýar.
Biz ata Watanymyzyň ösüşiň täze derejesine çykmagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Gaýrat JUMANAZAROW,
“Türkmenhimiýa”  döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: