Britaniýaly 34 ýaşly Joşua Bregmen Gimalaý dagynyň MeraPik belentliginde 5716 metr beýiklikden lyžaly böküş edip, dünýä rekordyny goýdy.
Oňa bu rekordyna taýýarlanmak üçin 2 hepde wagt gerek boldy. Şol döwürde ol özüne kömek eden ýoldaşlary bilen dürli kynçylyklara sezewar bolsada, öňünde goýan maksadyndan dänmedi.
Netijede, Joşua Bregmen bu täsin netijesi bilen Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda orun aldy.
Bu ugurdaky öňki dünýä rekordy fransiýaly Mattiasom Žiro degişlidi. Ol 2019-njy ýylda 4359 metr belentlikden böküş edipdi.