BIZE YAZYARLAR

Gigiýena we adamyň saglygy

Saglygy goramak ýa-da keselleriň döremegi – bular organizmiň içki bio-
sistemasynyň hem-de daşky gurşawyň faktorlarynyň özara täsirleriniň netijesidir. Şu çylşyrymly özara täsirlere akyl ýetirmek öňüni alyş (profilaktiki) lukmançylygyň we onuň ylmy dersiniň – gigiýenanyň döremegine esas bolup hyzmat etdiler.
Gigiýena (grekçe “hygieinos” – peýdaly, saglyk beriji) – sagdyn durmuş
ýörelgesi baradaky ylymdyr. Ol 100 ýyldan hem gowrak mundan ozal L. Paster, P.Koh, O. O Meçnikow ýaly meşhur alymlaryň düýpli ylmy işleriniň netijesinde güýpli depginler bilen ösüp başlady.
Gigiýena daşky gurşawyň dürli faktorlarynyň adamyň saglygyna, onuň işe
ukyplylygyna we ömrüniň dowamlylygyna edýän täsirini öwrenýär. Olara tebigy faktorlar, ýaşaýyş-durmuş şertleri we jemgyýetçilik-önümçilik gatnaşyklary degişlidirler. Gigiýenanyň esasy wezipeleriniň hataryna sanitariýa gözegçiliginiň ylmy esaslaryny işläp düzmek, ilatly ýerleri we dynç alyş ýerlerini sagdynlaşdyrmak boýunça zerur çäreleri işläp düzmek, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak, sanitariýa kanunçylygyny işläp düzmek, azyk önümleriniň we hojalyk-durmuş enjamlarynyň hiline sanitariýa seljermesini (ekspertiza) geçirmek ýaly möhüm wezipeler degişlidirler. Gigiýena ylmynyň iň möhüm wezipeleriniň biri-de ilatly ýerleriň we senagat kärhanalarynyň howasy, azyk önümleri hem-de adamyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak maksady bilen onuň egin-eşigi we aýakgaby üçin gigiýeniki kadalary (normatiwleri) işläp düzmek hasaplanýar.

MEÝMANOWA Umida,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby Meýmanowa Umida

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: