Günde 10-15 minut arassa howada gezim etmek saglyk üçin peýdalydyr. Daş-töweregi synlap gezmelemegiň özüne ýetik lezzeti bardyr. Ol bedenimizdäki argynlygy aýyrýar. Özümizi erkin duýmaga ýardam edýär. Ýöräp ýörkäk tebigatda eşidilýän her dürli sesler kelle beýnisiniň sag tarapdaky ýarym böleginiň işleýşini kadalaşdyrýar.
Arassa howada gezmegi endige öwürmek üçin sadaja düzgünleri berjaý etmegimiz ýeterlik. Munuň üçin ilki bilen aýagymyza rahat aýakgap saýlamalydyrys. Belli bir wagtyň çäginde gezelenje çykyp bilersiňiz. Gezim edip ýörkäňiz halaýan aýdymyňyzy diňlemek hem bolar.
Gezelenji gündelik endige öwürmek isleseň, gezýän ýerleriňi üýtgetmek, her gün bir ýere gezelenje çykmak peýdalydyr. Gezelenç etjek ýerleriňiz bagly-bakjaly bolsa, has gowy. Ýanyň ýoldaşly gezelenje çykmak hem bu endige söýgi döredip biler. Gezelenç mahaly gabat gelen täsin zatlary surata düşürmek hem höwesiňizi artdyrar. Şu düzgünlere eýerseňiz, täze endik kem-kemden adaty
zada öwrüler we gezelenç etmedik günüňiz zerur işiňizi bitirmedik ýaly bolarsyňyz.
Gowy tarapy, şeýle gezelençler agyr zähmeti ýa öňünden taýýarlygy talap etmeýär. Şunam bilip goýuň: gündelik gezelençler saglygy berkitmekden bir nyşandyr.
Aziz BEŞIMOW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
