DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Germaniýaly inžener dört aýlap suwasty dünýäde ýaşady

Germaniýaly 59 ýaşly aerokosmos inženeri Rýudiger Koh 4 aýlap suwuň astynda ýerleşdirilen ýörite gapda ýaşap, dünýä rekordyny täzeledi. Ol Karib deňziniň 11 metr çuňlugynda ýeke galmak bilen, suwasty dünýäde bolup geçýän täsinlikleriň birnäçesiniň şaýady boldy.
Umumy meýdany 30 inedördül metre barabar bolan gapda ornaşdyrylan kameralar onuň saglyk, psihiki we beýleki ýagdaýlaryna gözegçilik etmäge ýardam etdi. Koh ýörite turbalar arkaly iýmit we beýleki zerur zatlar bilen üpjün edildi. Rýudiger Koh syýahatynyň dowamynda deňziň düýbünde bolup geçýän hadysalary ýazgy etdi. Şol ýazgylar suwasty dünýäniň, hususan-da, onuň gijeki görnüşiniň aýratyn gözellige eýedigini görkezdi. Bu ugurda mundan öňki dünýä rekordy amerikaly Jozef Diturä degişli bolup, ol 100 günläp suwuň astynda bolupdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: