Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Forumyň çäklerinde nebitgaz, himiýa, dokma, oba hojalyk we lukmançylyk pudaklary boýunça maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri tanyşdyrylar.
50-den gowrak nemes kompaniýasynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini belläp, foruma ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerine taýýarlyk görülýär
18
Oct
