JEMGYÝET

Germaniýada koronawirus bilen bagly düşünjäni ýylyň sözi diýip yglan etdiler

Nemes diliniň jemgyýeti (GfdS) «Wellenbrecher» («tolkunlary kesýän») sözüni ýylyň sözi diýip yglan etdi. Bu söz bilen nemes dilinde koronawirusyň garşysyna göreşmek üçin görülýän çäreleri aňladýarlar, diýip guramanyň metbugat relizinde habar berilýär. Bu barada Russiýanyň  «Новости» habarlar agentligi ýazýar.

«Tolkunlary kesýän» sözüniň hakyky manysy bolmagy mümkin weýrançylyklaryň öňüni almak üçin suw howdanlarynyň kenarynda gurulýan gidrotehniki desgalara aňladýar. Şol bir wagtyň özünde epidemiologiki ýagdaýda keseliň barşynda «tolkunlar» sözi keseliň ösüşiniň iň ýokary derejesine çykmagyny we soň peselmegini aňlatmak üçin ulanylýar.

Germaniýada awgustdan sentýabra çenli kesel ösmegi dowam etdi. Ekspertler ony pandemiýanyň dördünji tolkuny diýip atlandyrdylar. Tolkuny «kesmek» üçin girizilýän çäklendirmeleri «Wellenbrecher» diýip atlandyrýarlar. «Wellenbrecher» sözi bilen şeýle çäreleri berjaý edýän adamy hem atlandyryp bolar, diýip GfdS belleýär. «Tolkuny kesýän boluň!» diýip, jemgyýet sözi ulanmagyň mysalyny getirýär.

GfdS bu düşünjäniň näçe wagtlap işjeň ulanyşda saklanjakdygynyň pandemiýany gutarnykly ýeňip geçmek bilen baglydygyny nygtaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: