«Gerim» atly elektrik serişdeleriniň gerimi giňeldiler
Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde ýerleşýän «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetinde «Gerim» haryt nyşany bilen elektrik energiýasynyň geçirilmeginde ulanylýan daşy örtülen kabelleriň we dürli ululykdaky geçirijileriň görnüşlerini artdyrmak meýilleşdirilýär. Häzir bu ýerde şeýle önümleriň 35-den gowrak görnüşi öndürilýär.
Hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýyldan bäri işläp gelýär. Şondan bäri hem energetika ugrundan ýokary bilimli hünärmenleriň 150-den gowragyny özünde jemleýän hojalyk jemgyýetinde alyp barýan esasy iş ugruna laýyklykda elektrik geçirijilerini we beketleri gurnamak hem-de abatlamak, ýokary woltly elektrik geçirijilerini we beketlerini taslamalaşdyrmak, enjamlary synagdan geçirmek, rele goragyny sazlamak, elektrik toguny öndürijileri we sazlaýjylary bejermek, gurnamalary taýýarlamak, howa we kabel ulgamyny gurnamak ýaly işleri ýerine ýetirýär. Kärhanada 2020-nji ýyldan başlap ýokary hilli sim we kabel önümleriniň dürli ölçegdäki görnüşlerini öndürmekligiň tehnologiýasy önümçilige ornaşdyryldy.
Bu kuwwatly kärhana geçen ýyllaryň içinde 50-den gowrak iri hususy we döwlet kärhanalary, şeýle hem halkara derejeli ägirt uly kompaniýalaryň şahamçalary bilen hyzmatdaşlyk edip, ýurdumyzda köpsanly taslamalary durmuşa geçirdi. Bu hususy kärhanada şu ýylyň başyndan bäri kabel-sim önümleriniň 2400 kilometri öndürildi. Geçen ýylda bolsa 5,5 müň kilometr kabel simleri taýýarlanylyp, sarp edijilere ugradyldy.